Microsoft-yň çärýek girdejisi ýyllyk hasabynda 22% ýokarlandy

30.10.2021, 01:212,141

Microsoft amerikan korporasiýasynyň 30-njy sentýabrda tamamlanan çärýekdäki girdejisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 22% ýokarlanyp, 45,3 mlrd dollara ýetdi. Degişli maglumatlar kompaniýanyň saýtynda getirilýär diýip, TASS habar berýär.

Microsoft-yň bellenilen döwürde operasion girdejisi 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 27% ýokarlanyp, 20,2 mlrd dollara ýetdi. Arassa girdeji ýyllyk hasabynda 48% ýokarlanyp, 20,5 mlrd dollar boldy. CNBC teleýaýlymynyň belleýşi ýaly, ähli ugurlar boýunça kompaniýanyň maliýe görkezijileri hünärmenleriň çaklamasyndan ýokary boldy.

Korporasiýanyň baş ýerine ýetiriji müdiri Satýa Nadella Microsoft-yň maliýe üstünlikleriniň bulut tehnologiýalary gurşawynda hyzmatlara bolan ýokary isleg bilen baglanyşyklydygyny belleýär. Onuň aýtmagyna görä, korporasiýa “bu geçiş döwründe guramalara iş üçin zerur bolan platformalaryň we gurallaryň doly spektrini hödürleýär”.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.