Microsoft 60 müňe golaý işgärine öwez tölegini bermek şerti bilen işden meýletin gitmegi teklip etdi

27.10.2026, 12:392,460

«Microsoft» kompaniýasy 60 müň töweregi işgärine öwez tölegini bermek şerti bilen işden meýletin gitmegi teklip etdi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, maksatnama ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda işleýän işgärleri öz içine alýar.

Maksatnama ýokary derejeli ýolbaşçylara we inženerlere degişli däldir.

Teklibiň şertlerine laýyk gelýän işgärler dekabr aýynyň başyna çenli gutarnykly karara gelmeli.

Neşiriň maglumatyna görä, bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny azaltmak we şol bir wagtyň özünde, mejbury işden çykarmalaryň täze tolkunynyň öňüni almak boýunça nobatdaky synanyşygydyr. Kompaniýa emeli aň infrastrukturasyna uly möçberde maýa goýumlaryny goýýan döwründe çykdajylary azaltmagyň ýollaryny gözleýär.

2026-njy ýylyň iýun aýynyň ýagdaýyna görä, «Microsoft» kompaniýasynda 226 müň adam işleýärdi. Diýmek, täze teklip kompaniýanyň işgärleriniň dörtden birinden gowragyny öz içine alyp biler.

2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky işgärlerine işden meýletin gitmegi teklip edipdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýada işlän ýyllarynyň jemi 70-den geçýän işgärler maksatnama gatnaşyp bilýärdi. Bu şertlere, takmynan, 9 müň işgär laýyk gelipdi we olaryň üçden birine golaýy teklibi kabul edipdi.