Lewandowski Polşada ýylyň iň gowy türgeni diýlip ykrar edildi

10.01.2022, 12:073,786

«Bawariýanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski «Przeglad Sportowy» gündelik sport gazetine görä, 2021-nji ýylyň jemi boýunça Polşanyň iň gowy türgeni boldy. Bu barada sport-express.ru habar berýär.

33 ýaşly futbolçy janköýerleriň ses bermegi netijesinde 19 dalaşgärden öňe geçdi. Lewandowski Polşanyň iň gowy türgeni üçin baýragy üçünji gezek aldy. Mundan öň ol bu baýraga 2015-nji we 2020-nji ýylda eýe bolupdy. 
Şu möwsümde hüjümçi ähli ýaryşlarda klub üçin 25 oýna gatnaşyp, 29 gol geçirdi we 3 netijeli geçirim etdi. 
2021-nji ýylyň jemi boýunça ol dünýäniň iň gowy oýunçysyna berilýän “Altyn topa” dalaşgär boldy, ýöne bu baýragy Lionel Messi aldy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.