Türkmenistanyň Baş diplomaty pakistanly kärdeşi bilen telefon arkaly gürleşdi

24.01.2022, 17:543,183

24-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berdi. 

Gepleşigiň dowamynda ministrler şu ýylyň 22-23-nji martynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde geçiriljek Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky 48-nji mejlisine görülýän taýýarlyklar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 

Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň käbir meselelerine hem seredilip geçildi. Şu nukdaýnazardan, ministrler Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçrijileriniň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly bolan iş ýüzündäki meselelere aýratyn üns berdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.