Türkmenistanyň Prezidenti Pekin Olimpiadasynyň açylyşyna gatnaşar - Hytaýyň DIM-i

30.01.2022, 05:5711,105

Pekinde geçiriljek XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda HHR-niň lideri Si Szinpin 20-den gowrak dünýä liderleri bilen duşuşar. Bu barada Hytaýyň Merkezi telewideniýesi habar berdi. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

“HHR-iň prezidenti Si Szinpin 4-nji fewraldan 6-njy fewral aralygynda Pekinde geçiriljek 2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar, şeýle-de daşary ýurtlaryň liderleri, hökümet baştutanlary, patyşa maşgalalarynyň agzalary we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary üçin dabaraly banket geçirer” – diýlip, anonsda aýdylýar.

Pekindäki Olimpiadanyň açylyşyna Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putin, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow, şeýle-de Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Singapuryň, Müsüriň, Polşanyň, Serbiýanyň, Argentinanyň we Ekwadoryň liderleri gatnaşar. Şeýle-de, dürli ýurtlaryň hökümet agzalarynyň-da gelmegine garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.