Awtomobil ýollarynyň gurluşygy boýunça täze agentlige ýolbaşçy bellenildi

08.02.2022, 01:2016,684

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanda täze döredilen Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň ýolbaşçysy bellenildi. 

Resminama laýyklykda, Serdargeldi Gurbangeldiýewiç Ýolamanow Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy wezipesine bellenildi we ol Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. 
Ýeri gelende bellesek, ýakynda türkmen Lideriniň Permany esasynda ýurdumyzda awtomobil ýollary pudagyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi döredildi. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.