Türkmenistanyň 282 raýaty Buharestiň üsti bilen Ukrainadan getirildi

11.03.2022, 03:4435,343

Ukrainada bolýan Türkmenistanyň raýatlary ýurdumyza getirilip başlandy. 10-njy martda irden Rumyniýanyň Buharest şäheriniň Halkara howa menzilinden Türkmenabatdyň Halkara howa menziline türkmen raýatlaryny alyp gelen uçar gondy. Bu barada atavatan-turkmenistan.com habar berýär.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň T5 3286 belgili ýörite gatnawy arkaly 282 raýatymyz Türkmenabat şäherine getirilip, olaryň Türkmenistana getirilmegi mugt amala aşyryldy hem-de ýurdumyzyň diplomatik gulluklary tarapyndan raýatlara ähli hyzmatlar berildi.
Ukrainada bolýan Türkmenistanyň raýatlarynyň getirilmegi dowam etdiriler. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.