Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýadaky otly heläkçiligi zerarly gynanç bildirdi

Şu gün, 05:494,935

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI-a Toledo şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren otly heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de şu kynçylykly pursatda medet beriji sözlerini beýan etdi. Şeýle-de ol ejir çekenlere tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw etdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, 28-nji oktýabrda irden Ispaniýanyň Toledo welaýatynda Madrid — Sewilýa gatnaw ugrunda iki sany ýokary tizlikli ýolagçy otlusy çaknyşdy. Azyndan 68 adam aradan çykdy. Ýene 77 adam hassahanalara ýerleşdirildi, olaryň 15-siniň ýagdaýy agyr. Ýurtda üç günlük matam yglan edildi.