Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident saýlawlarynda ses berdi

12.03.2022, 06:1950,651

Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow ejesi bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermeklige gatnaşdy. Bu barada TASS habarlar agentligi habar berýär.

Türkmen Lideri ir bilen saýlaw uçastogyna gelip, raýatlyk borjuny ilkinjileriň hatarynda berjaý etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatdaky Köpetdag etrabynyň Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji orta mekdepde ýerleşen № 48 saýlaw uçastogynda ses berdi.

Öň habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça sagat 9-a çenli saýlawçylaryň 25,24% ses berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.