Türkmenistanda Ysraýylyň täze ilçisi işe başlady

29.04.2022, 07:346,008

28-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Bet-Iden Kaýt bilen duşuşygy geçirildi. Diplomat özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy.

Söhbetdeşligiň barşynda gatnaşyklary berkitmegiň, şol sanda ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Abraýly sebit hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi, şol sanda halkara başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň ähmiýeti bellenilip geçildi.

Ilçi Bet-Iden Kaýt diplomatik işiniň çygrynda Türkmenistanyň we Ysraýylyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da giňeldilmegi üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.