Lawrow Hazarýaka döwletleriniň DIM-niň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi

28.06.2022, 07:5910,563

Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň VI Hazar sammitine taýýarlyk meselesine bagyşlanan duşuşyga gatnaşmak üçin duşenbe güni Aşgabada geldi. Bu barada TASS agentligi habar berýär.

Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylary şu gün, 28-nji iýunda Aşgabatda duşuşyk geçirerler.
RF-niň DIM-niň resmi wekili Mariýa Zaharowanyň öň habar berşi ýaly, duşuşygyň barşynda 29-njy iýunda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän VI Hazar sammitine taýýarlyk meseleleri maslahatlaşylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.