Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda yzygiderli howa gatnawlary dikeldildi

27.08.2022, 09:3330,842

«Türkmenhowaýollary» Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda yzygiderli howa gatnawlaryny dikeltdi diýip, ORIENT agentligi awiakompaniýa salgylanyp habar berýär.

Awiagatnawlar her hepdäniň çarşenbe we şenbe günleri Aşgabat-Frankfurt-Türkmenabat ugry boýunça amala aşyrylar.
Türkmenistandan Germaniýa awiapetegiň bahasy 5705 manat, Germaniýadan Türkmenistana bolsa - 6070 manat bolar. Iki tarapa hem awiapetekleri paýtagtymyzda «Türkmenhowaýollary» agentliginden milli manada satyn alyp bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.