Serdar Berdimuhamedow German bitewüliginiň gününi gutlady

03.10.2022, 09:592,495

Prezident Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere German bitewüliginiň güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany gutlag hatynda: “Biz Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris” diýip belläp, bu gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna uly ynam bildirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.