Türkmen alabaýynyň baýramyna taýýarlyk görülýär

17.10.2022, 07:0212,408

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde meýilleşdirilen çärelere taýýarlyk görülýär. Bu barada 16-njy oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow hasabat berdi.

Hasabatda aýdylyşy ýaly, dabaralaryň çäklerinde “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigiň ikinji we jemleýji tapgyry, şeýle-de döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler.
Döwlet Baştutany türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek meselelerine aýratyn üns berilmelidigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.