Gazagystanda täze Konstitusiýa resmi taýdan güýje girdi

Düýn, 12:324,592

1-nji iýuldan başlap Gazagystanda şu ýylyň 15-nji martynda geçirilen umumymilli referendumda kabul edilen täze Konstitusiýa güýje girdi. 1995-nji ýylyň 30-njy awgustyndan bäri hereket edip gelen Esasy kanun öz güýjüni ýitirdi. Şol bir wagtda mažilisden we senatdan ybarat bolan iki palataly parlamentiň hem ygtyýarlyklary tamamlanýar.

Täze Konstitusiýa wise-prezident wezipesiniň girizilmegini, şeýle hem diňe partiýa sanawlary boýunça saýlanjak 145 deputatdan ybarat bolan bir palataly parlamente — Gurultaýa geçilmegini göz öňünde tutýar. Mundan başga-da, kanunçylyk başlangyjynyň hukugy berlen «Халык кенесі» (Halk geňeşi) atly ýokary maslahat beriji edara döredilýär. Gazagystanyň Halk assambleýasy bolsa ýatyrylýar.

Prezident Konstitusiýanyň güýje giren gününden başlap bir aýyň dowamynda Gurultaýa saýlawlary yglan etmeli we ony iki aýyň dowamynda geçirmelidir. Mundan öň Kasym-Žomart Tokaýew ses berişligiň awgust aýynda geçiriljekdigini habar beripdi. Wise-prezident bolsa täze parlamentiň birinji sessiýasy açylandan soň, Gurultaýyň razylygy bilen iki aýyň dowamynda bellenilmelidir.

Ilkibaşda bu özgertme diňe bir palataly parlamente geçilmegini göz öňünde tutýardy, ýöne soňra işçi topary has giň gerimli üýtgeşmeleri hödürledi, bu bolsa täze Konstitusiýanyň kabul edilmegine getirdi.

Gazagystanyň Konstitusiýa güni indi her ýyl 30-njy awgustyň deregine 15-nji martda belleniler.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew raýatlary Esasy kanunyň güýje girmegi bilen gutlap, şeýle diýdi:

«Şu gün özygtyýarly Gazagystanyň taryhynda täze döwür başlanýar. Biz yzygiderli ösüşiň, syýasy we ykdysady özgertmeleriň, giň gerimli döwrebaplaşdyryşyň esasy ýoluna gadam basýarys. Bu gün syýasy ulgamyň düýpli özgermegini, döwletiň we raýat jemgyýetiniň esasy institutlarynyň täzeçe görnüşe geçmegini alamatlandyrýar».

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.