Türkmenistan Hytaýa turbageçiriji gazyny ibermekde liderligi saklap galýar

21.11.2022, 11:4811,505

Şu ýylyň 10 aýynda Türkmenistan Hytaýa tebigy gazyň eksportyny 53% artdyrdy diýip, TASS agentligi HHR-iň Baş gümrük gullugyna salgylanyp habar berýär.

Türkmen gazynyň HHR-e ibermeleriniň baha möçberi 2022-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda 8,23 mlrd dollara deň boldy.
Şeýlelikde, Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji gazyny ibermekde öňdeligi eýeleýär. Eksport boýunça ikinji ýerde — Russiýa, soňra Mýanma, Gazagystan we Özbegistan gelýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.