FIFA-da DÇ-2026-nyň formatynyň üýtgedilmeginiň mümkindigini tassykladylar

19.12.2022, 18:2020,888

FIFA-nyň Prezidenti Janni Infantino 2026-njy ýylda üç ýurtda (Kanadada, Meksikada we ABŞ-da) geçjek indiki dünýä çempionatynyň formatynyň üýtgedilmeginiň mümkindigi hakyndaky maglumaty tassyklady.

"Hersinde üç ýygyndy bolan 16 topara bölmek bilen bagly teklip makullandy, ýöne muňa ýene täzeden garamaly bolar. Hersinde dört ýygyndy bolan 12 topara bölünse has gowy boljakdygy barada hem pikir bar" - diýip, championat.com Infantinonyň sözlerini getirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.