«Türkmenhowaýollarynyň» Russiýadan gelýän gatnawlary 1-nji fewraldan Aşgabada gonar

18.01.2023, 11:3840,730

2023-nji ýylyň 1-nji fewralyndan başlap «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Moskwadan we Kazandan amala aşyrylýan gatnawlary Aşgabadyň Halkara howa menziline ýerine ýetiriler. Bu barada Aşgabadyň aeroportynyň sorag--jogap gullugy habar berdi.

Häzirki wagtda Russiýadan gatnawlar Moskwa - Türkmenbaşy we Kazan - Türkmenabat ugry boýunça ýerine ýetirilýär.
1-nji fewraldan uçarlar Aşgabat - Moskwa - Aşgabat we Aşgabat - Kazan - Aşgabat ugurlary boýunça amala aşyrylar.
Bu günki gün «Türkmenhowaýollary» Aşgabatdan Dubaýa, Kazana, Moskwa, Stambula we Frankfurta halkara gatnawlary ýerine ýetirýär. 2023-nji ýylyň 1-nji fewralyndan bu gatnawlar boýunça uçarlar hem Aşgabadyň Halkara howa menziline gondurylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.