Emomali Rahmon Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

06.03.2023, 11:4818,602

Emomali Rahmon Täjigistan Respublikasynyň Daglyk-Badahşan awtonom oblastynda bolup geçen gar süýşgünleriniň pajygaly waka getirmegi zerarly bildiren çuňňur gynanjy hem-de duýgudaşlygy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

«Şeýle agyr pursatda Siziň we Türkmenistanyň doganlyk halkynyň bu goldawyna biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, raýdaşlygyň ýene-de bir aýdyň subutnamasy hökmünde garaýaryn» - diýlip hatda bellenilýär.

Öň habar berşimiz ýaly, Serdar Berdimuhamedow Emomali Rahmona ýurduň Daglyk-Badahşan awtonom oblastynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine, weýrançylyklara getiren gar süýşgünleri zerarly gynanç hatyny iberdi.