Bitkoin iki günde 20% ýokarlandy

15.03.2023, 19:4810,414

Coinmarketcap saýtyndaky maglumatlara görä, bitkoin ýekşenbe güni agşam ýene böküş etdi. Häzirki wagtda esasy kriptowalýuta eýýäm 24,4 müň dollar.

Bary-ýogy iki günde bitkoiniň kursy 20% ýokarlandy. Bitkoiniň kapitalizasiýasy 471 milliard dollara çenli artdy. Şeýle kurs iň soňky gezek şu ýylyň fewral aýynyň ortalarynda bolupdy. Bir hepdäniň içinde,  birki gün öň aşak  düşmegini hasaba almak bilen, bu görkeziji 8,5% ýokarlandy.
Efir 1680 dollar boldy we altkoiniň iň ýokary bazar kapitalizasiýasy bolsa hepdäniň dowamynda 6,62% ýokarlandy.
307,1 dollar diýip söwdalaşylýan BNB hepdäniň dowamynda 6,35% ýokarlandy. Ilkinji onlukdaky beýleki pullaryň galyşy ujypsyz boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.