Amerikan kinoçylary ilkinji kriptowalýutany döreden, kimligi henizem näbelliligine galýan Satoşi Nakamotonyň aňtawyna bagyşlanan triller filmi surata düşürer. «Bitcoin» diýlip atlandyryljak filmiň býujeti 70 million dollara barabar bolar.
Filmiň režissýory Dag Laýman bolar. Baş keşpleri Gal Gadot, Keýsi Afflek, Pit Dewidson we Aýla Fişer ýerine ýetirer.
Sýužete görä, häkimýetler, Woll-strit we ägirt tehnologiýa kompaniýalary bitkoini döreden adamyň kimdigi baradaky hakykaty gizlemäge synanyşýarlar.
Režissýor Laýman 2025-nji ýylyň sentýabrynda bu taslamany kuwwatly guramalara garşy çykýan gahrymanlaryň göreşi bilen baglanyşdyryp, ony Dawut pygamber bilen Goliafyň göreşine meňzedipdi. Onuň aýtmagyna görä, filmde «puluň nämedigi we oňa kimiň gözegçilik edýändigi» baradaky mesele hem gozgalýar.
Filmiň prodýuseri Raýan Kawana öz gezeginde geljekki trillerde kriptowalýutanyň adaty maliýe ulgamyna garşy göreşiniň görkeziljekdigini belledi.
Satoşi Nakamoto bitkoiniň tehniki resminamasyny 2008-nji ýylda çap edipdi. Birnäçe ýyldan soň bolsa ol köpçüligiň gözünden doly ýitirim boldy. Nakamoto lakamynyň aňyrsynda kimiň gizlenýänligi henizem syr bolmagynda galýar.
Nakamoto degişlidigi çaklanylýan bitkoinleriň umumy bahasy häzirki wagtda ençeme milliard dollara ýetendigi çaklanylýar.