Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Hytaýa bardy

18.05.2023, 03:5921,195

Şu gün, 18-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna bardy.

Döwlet Baştutany saparyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça, Sian şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşar.
Şeýle-de bu gezekki iş saparynyň çäklerinde Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy meýilleşdirildi. Nobatdaky ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar. Olar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.