Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

15.07.2023, 22:146,553

15-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini  kabul etdi. Ministr Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän türkmen-täjik geňeşmelerine gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Täjigistana amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklarynyň tassyklanandygyny hem-de ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekilendigini kanagatlanma bilen belledi.
Şeýle hem Türkmenistan bilen Täjigistanyň syýasy-diplomatik ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri we bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygyň  sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň çemeleşmeleriniň ýakynlygy ýa-da gabat gelmegi bilen şertlendirilendigi nygtaldy.
Köpugurly türkmen-täjik hyzmatdaşlygy bilen baglylykda Serdar Berdimuhamedow söwda-ykdysady, medeniýet, bilim, ulag we beýleki ulgamlardaky özara gatnaşyklara ünsi çekdi hem-de bar bolan kuwwaty doly derejede peýdalanmak üçin mundan beýläk-de bilelikdäki işe taýýardygyny nygtady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.