Xiaomi ýokary derejede kuwwatly Redmi K60 Ultra smartfonyny hödürledi

15.08.2023, 11:1114,026

Hytaýyň Xiaomi brendi tanyşdyryş dabarasyny geçirdi we onda kompaniýanyň esaslandyryjysy we baş müdiri Leý Szýun köp sanly täze önümleri hödürledi. Olaryň arasynda şular bar: Mix Fold 3 smartfony, Band 8 Pro “akylly” sagatlary, Pad 6 Max planşeti we Redmi subbrendiniň täze flagman smartfony – K60 Ultra.

Bu gajet iň kuwwatly prosessorlaryň biri bolan Dimensity 9200+ bilen enjamlaşdyryldy. Smartfon 1,5 K durulykly we 144 Gs kadr ýygylykly AMOLED displeýine eýe boldy. Sowatmak üçin 5000 inedördül mm. meýdany bolan bugardyjy kamera göz öňünde tutuldy.
Täze Redmi K60 Ultra-nyň çyglylykdan we tozandan goragy IP68 halkara standartyna laýyk gelýär. Gurluş 24 Gb operatiw ýada, iň ýokary wersiýasynda 1 Tb fleş-ýada eýe boldy. Akkumulýatoryň sygymy 5000 mA/s.
Kamera optiki we elektroniki durnuklaşdyryş ulgamlary bilen üsti ýetirilen 50 Mp Sony IMX800 sensory bilen üpjün edildi. Wideo barada aýdylanda, gurluş rolikleri 24 FPS kadr ýygylygynda 8K formatda ýazyp biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.