Ýaponiýada “aşa syýahatçylyk” bilen göreşmek kararyna gelindi

29.08.2023, 10:108,133

Ýaponiýanyň hökümeti eýýäm şu güýzde “aşa syýahatçylyga” garşy çäreleri işläp düzmegi meýilleşdirýär diýip, Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kisida aýtdy. Muny “The Mainichi Shimbun” neşirine salgylanyp, rossaprimavera.ru ýetirýär.

Ýaponiýanyň lideri Naha şäherinde žurnalistleriň öňünde çykyş edip: “Ýurda gelýän syýahatçylaryň sanynyň artmagy dowam etdirmegine garaşylýar. Men aşa syýahatçylyk baradaky aladany möhüm mesele diýip hasaplaýaryn. Biz eýýäm şu güýzde bu ýagdaýa garşy hereket çärelerini işläp düzmek isleýäris” – diýip aýtdy.

“Okinawada, şol sanda daş adalarda syýahatçylygyň durnukly ösüşini gazanmak bilen, biz aşa syýahatçylyk meselesini hem ýatdan çykarmaly däldiris” – diýip, premýer-ministr belledi.

Ýaponiýanyň Milli syýahatçylyk guramasynyň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň iýul aýynda Ýaponiýa 2,3 mln adam bardy, bu bolsa iýun aýynda, myhmanlaryň sany COVID-19 pandemiýasy ýüze çykandan bäri ilkinji gezek 2 mln adam belliginden geçende goýlan rekordy täzeledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.