Bilim ministrligi we ÝUNISEF Aşgabatda Robot festiwalyny geçirerler

21.09.2023, 11:0812,360

23-24-nji sentýabrda Aşgabatda Büzeýin etrabyndaky 97-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Bilim ministrligi BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde türkmen mekdep okuwçylarynyň arasynda bilim beriş robot tehnikasy boýunça bäsleşik geçirer diýip, ORIENT habar berýär.

Bäsleşige gatnaşyjylar işläp taýýarlamalaryny we ylmy taslamalaryny hödürlärler.
Bäsleşik alty kategoriýada geçiriler:

  • Robot Race - robotlaryň ýaryşy;
  • «Manual Sumo» – elde dolandyryş tertibinde robotlar garşydaş robotyny bellenilen çäkden daşary çykarmaga synanyşýar;
  • «Auto Sumo» – awtomat dolandyryş tertibinde robotlar garşydaş robotyny bellenilen çäkden daşary çykarmaga synanyşýar;
  • «Mars Rover» - robotlaryň päsgelçiliklerden geçýän bäsleşigi;
  • «Line Follower» - robotlar ak ýerlikde gara zolagy yzarlaýar;
  • STEM ugurlarynyň dersleri boýunça ylmy taslamalar.

Ýeňijilere şahadatnamalar we ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.