Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi diýip, türkmen uniwersitetiniň metbugat gullugy habar berýär.
Bu resminama ýokary bilim, ylmy-barlag işleri, sanly bilim tehnologiýalary, akademiki alyş-çalyş maksatnamalary hem-de mugallymlaryň we talyplaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek ugurlarynda özara gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendir. Şeýle-de, taraplar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, halkara tejribäni alyşmak we innowasion başlangyçlary goldamak babatda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer.
Gol çekişlik dabarasy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga, bilim we ylym ulgamynda özara bähbitli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga möhüm goşant goşar. Bu oňyn netijeler ýurtda kabul edilen «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde gazanylýar.