Hamzat Çimaýew Şwesiýanyň raýatlygyndan ýüz öwürdi, ol BAE-niň wekili hökmünde çykyş eder

24.09.2023, 15:3424,111

UFC-niň söweşijisi Hamzat Çimaýew Şwesiýanyň raýatlygyndan ýüz öwürdi we indi ol Birleşen Arap Emirlikleri üçin  çykyş eder. Bu barada türgeniň menejeri Mahdi Şammasa salgylanyp, SVT teleýaýlymy habar berýär.

21-nji oktýabrda Çimaýew UFC 294 ýaryşynda Braziliýanyň wekili Paulo Kosta bilen söweşer. Ýaryş Abu-Dabide geçiriler. Çimaýew BAE-niň söweşijisi hökmünde çykyş eder.
Hamzat MMA-daky karýerasynda 12 söweşe gatnaşyp, ählisinde ýeňiji boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.