Serdar Berdimuhamedow Sauli Niýnistýony Finlýandiýanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

06.12.2023, 03:022,547

Prezident Serdar Berdimuhamedow Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti Sauli Niýnistýo Finlýandiýanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sauli Niýnistýo berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Finlýandiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.