Türkiýe we Türkmenistan söwda dolanyşygyny 5 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýär

26.01.2024, 16:473,427

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygy soňky dört ýylda üç esse artdy we 2023-nji ýylda 2,5 milliard dollardan geçdi. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Ahmet Demirok Aşgabatda geçirilen metbugat maslahatynda belläp geçdi.

Diplomatyň bellemegine görä, ýurtlar ýakyn geljekde söwda dolanyşygyny 5 milliard dollara ýetirmegi meýilleşdirýärler.

«Hyzmatdaşlygymyzyň mümkinçilikleri has uludyr. Söwda gatnaşyklarymyzyň häzirki oňyn ugry bilen ýakyn geljekde özara söwdanyň möçberiniň hasam artjakdygyna we öňde goýan 5 milliard dollarlyk umumy maksadymyza ýetip biljekdigimize ynanýarys. Döwlet Baştutanlarymyzyň ýolbaşçylygynda häzirki söwda we maýa goýumlary ýakyn ýyllarda hasam artar diýip hasaplaýarys» diýip, Demirok belledi.

Şeýle hem 2023-nji ýylda türk kompaniýalarynyň Türkmenistanda 3,2 milliard dollarlyk 7 taslamany durmuşa geçirendigi bellenildi. Häzirki wagtda jemi bahasy 4,4 milliard dollarlyk 21 sany bilelikdäki taslama durmuşa geçirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.