2024-nji ýylda Türkmenistan boýunça 49 sany iri binalar we desgalar ulanylmaga berler

03.02.2024, 00:3911,756

2024-nji ýylda Türkmenistan boýunça iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň 49-syny ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýer B.Annamämmedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Wise-premýer döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, degişli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, 2024-nji ýylda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň sanawyny düzmek boýunça degişli işleriň  geçirilendigini aýtdy. 
Serdar Berdimuhamedow şu ýyl dabaraly ýagdaýda ulanylmaga beriljek desgalaryň we binalaryň öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.