«Türkmenistan» awiakompaniýasy Hoşimine uçup başlady. Mart aýynyň ahyryna çenli biletlere arzanlaşyk hereket edýär

06.03.2024, 19:0513,002

5-nji martda “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň “777-200 LR” kysymly uçary Aşgabat-Hoşimin-Aşgabat ugry boýunça ilkinji göni ýolagçy howa gatnawyny amala aşyrdy.

Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Hoşimin şäheriniň Halkara howa menzilinde “777-200 LR” kysymly uçaryň ýolagçylary myhmansöýerlik bilen garşylandylar. Bu barada “Türkmenhowaýollary” agentligi habar berdi.
Aşgabat-Hoşimin-Aşgabat ugry boýunça howa gatnawy hepdede iki gezek amala aşyrylar.
“Türkmenistan” awiakompaniýasy:

  • Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat;
  • Aşgabat – Milan – Aşgabat;
  • Aşgabat – London – Aşgabat;
  • Aşgabat – Frankfurt – Aşgabat halkara ugurlary boýunça awiabiletlere arzanladyş hödürleýär.

Ýolagçylar üçin arzanladyş 2024-nji ýylyň 1-nji fewralyndan 31-nji martyna çenli dowam edýär.
“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarlary şu ýylyň 15-nji fewralynda Kuala-Lumpur (Malaýziýa) şäherine, 16-njy fewralda bolsa Jidda (Saud Arabystany Patyşalygy) şäherine ilkinji ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.