Maurisio Sarri “Lasionyň” baş tälimçisi wezipesinden gitdi

14.03.2024, 13:135,296

Maurisio Sarri Italiýanyň “Lasio” futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden aýryldy. Bu barada klubuň saýtyna salgylanyp, Interfax.ru habar berýär.

“Klub tälimçä ýetilen maksatlar we bitirilen işler üçin minnetdarlyk bildirýär hem-de oňa şahsy we professional üstünlikleri arzuw edýär” – diýlip, habarda bellenilýär.

Indi baş tälimçi wezipesini Jowanni Martuşello ýerine ýetirer.
65 ýaşly Sarri “Lasio” klubuna 2021-nji ýylyň tomsunda ýolbaşçy boldy. Onuň ýolbaşçylygynda topar 2022/23 möwsüminde Italiýanyň çempionatynda ikinji orny eýeledi. Häzir dokuzynjy orny eýeleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.