Alkaras Indian-Uellsdäki “Masters” ýaryşynda ýeňiji bolup, 36 ýyl ozalky rekordy gaýtalady

18.03.2024, 12:064,164

Ispaniýaly Karlos Alkaras Indian-Uellsde (ABŞ) geçirilen “Masters” tennis ýaryşynyň finalynda russiýaly Daniil Medwedewi utdy. Ýaryşyň baýrak gaznasy 9,5 mln dollara barabar diýip, “Çempionat” portaly habar berýär.

Oýun 7:6 (7:5), 6:1 hasabynda ispaniýalynyň peýdasyna tamamlandy. Oýnuň dowamlylygy 1 sagat 42 minut boldy.

Geçen möwsümiň finalynda-da ispaniýaly Medwedewi utupdy (6:3, 6:2).

Opta Sport-yň maglumatlaryna görä, Alkaras ýaryşyň taryhynda 21 ýaşyna ýetmänkä erkekleriň arasynda yzygider ikinji ýekelikdäki ýaryşda ýeňiji bolan ikinji tennisçi boldy.  

Çempion titulyny üstünlikli goramak bilen, ol germaniýaly tennisçi Boris Bekkeriň 1987-1988-nji ýyllardaky rekordyny gaýtalady.

Alkaras dünýäniň ikinji raketkasydyr. Medwedew dördünji orunda ýerleşýär. Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginde Nowak Jokowiç öňdeligi saklaýar (9675 utuk).

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.