Türkmenistan maý aýynda Buharestde geçiriljek TIBCO — 2024 halkara sergisine gatnaşar

13.04.2024, 09:313,852

Türkmenistan 16 — 19-njy maý aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde geçiriljek “TIBCO — 2024” halkara sergisine gatnaşar. Bu barada wise-premýer B.Atdaýew 12-nji aprelde Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

“TIBCO — 2024” halkara sergisinde ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň, hususy haryt öndürijileriniň harytlaryny we hyzmatlaryny mahabatlandyrmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa täze eksport bazarlaryny açmaga, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik berer.
Serdar Berdimuhamedow wise-premýere Buharest şäherinde geçiriljek halkara sergide Türkmenistanyň öz sergisini guramak boýunça degişli işleri geçirmegi hem-de onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.