Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi halkara güwanamalaryny aldy

17.04.2024, 13:5024,489

Şu gün, 17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylan Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegine bäş sany halkara güwanama gowşuryldy.

Şularyň hatarynda: 

  • – Ýaponiýanyň «NEC Telekommunikasion Ltd.» kompaniýasynyň «Ýokary tizlikli awtomobil ýoluna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy üçin» atly halkara güwänamasy;
  • – Fransiýanyň «Grenobloise D’Electronique et D’Automatismes (GEA)» kompaniýasynyň«Ýokary tizlikli ýoluň wideo gözegçiliginiň hem-de töleg ulgamlarynyň ýokary standartlara laýyk gelýändigi üçin» atly halkara güwänamasy;
  • – Awstriýanyň «Vienna Consulting Engineers ZT GmbH (VCE)» kompaniýasynyň «Ýokary tizlikli ýoluň gurluşyk işleriniň Ýewropanyň tehniki tassyklama boýunça gollanmalaryna we standartlaryna laýyk gelýändigi» barada halkara güwänamasy;
  • – Awstriýanyň «Vienna Consulting Engineers ZT GmbH (VCE)» kompaniýasynyň «Ýokary tizlikli ýoluň hil gözegçiliginiň ISO 9001 standartlaryna laýyk gelýändigi» barada barada halkara güwänamasy;
  • – Awstriýanyň «Vienna Consulting Engineers ZT GmbH (VCE)» kompaniýasynyň «Ýokary tizlikli ýoluň RAA 2008, RAL 2012 ýol gurluşygynyň metodiki gollanma taslamalaryna laýyk gelýändigi» barada halkara güwänamasy.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.