Hokkeý ýaryşynda “Galkan” we “ADIHIC-Kazan” altyn, “Feniks” we “Volat” bürünç baýrak ugrunda bäsleşer

20.04.2024, 10:576,305

Düýn Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryşyň toparlaýyn tapgyry tamamlandy we netijede medallar ugrunda bäsleşjek toparlar belli boldy.

Final oýnunda “A” toparçanyň lideri Türkmenistanyň “Galkan” kluby bilen “B” toparçanyň ýeňijisi RF-iň Tatarstan Respublikasyndan “ADIHIC-Kazan” duşuşýar.
Bürünç baýrak üçin “Feniks” (Özbegistan) we “Volat” (Belarus) göreşýär.
“Feniks” “A” toparçada Eýranyň “Ice Box Iran Mall” toparyny 6:1 hasabynda utup, ikinji orny eýeledi. “Volat” “B” toparçada “Dordoi-den” (Gyrgyzystan) 2:1 hasabynda üstün çykyp, ikinji boldy.
6 utuk gazanan Gazagystanyň “Aqmola” klubunda hem bürünç medal ugrunda oýnamak mümkinçiligi bardy, ýöne ol jemleýji tapgyrda “ADIHIC-Kazan-y” utmalydy. Emma Kazanyň topary 6:1 hasabynda utup, iň ýokary 12 utugy gazandy.
Beýleki bir oýunda Omandan “Oman Nationals” topary Bahreýnden “Bahrain Ice Hockey Club-y” 3:2 hasabynda utdy.
Ýatlap geçsek, Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş 15-nji aprelde başlady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.