Aşgabat - Gökdepe gatnawly ýolunda gurluşyk gurnama işleri başlandy

29.04.2024, 13:2117,144

Köpetdag şaýolunyň «Polatly» binasy bilen «Akhan» binasynyň aralygyndaky ýol böleginde, şeýle-­de Aşgabat — Gökdepe aralygyndaky gatnawly ýolda gurluşyk-­gurnama işleri geçiriler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň hem-de Arkadag şäheriniň häkimliginiň habar bermegine görä, 2024-­nji ýylyň 29-­njy aprelinden başlap, gurluşyk­-gurnama işleri tamamlanýança, ýokarda görkezilen ýollarda gatnawlar wagtlaýyn çäklendiriler. Bu barada bildiriş "Türkmenistan" gazetinde çap edildi.
Bellenilişi ýaly, gurluşyk-gurnama işleri 
Arkadag şäheriniň binagärlik ­şäher-gurluşyk keşbini has-­da gözelleşdirmek, ýollaryň durkuny täzeläp, raýatlara we ýolagçylara has amatly, döwrebap şertleri döretmek maksady bilen ýerine ýetirilýär.
Raýatlaryň bähbidine gönükdirilen bejeriş-­abatlaýyş işleriniň geçirilmegi, ýollaryň durkunyň düýpli abadanlaşdyrylmagy ýolagçylar üçin ählitaraplaýyn amatlyklary döreder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.