Toyota täze Corolla 2024-i hödürledi: bahalar az-kem arzanlady

04.07.2024, 15:2019,590
1 / 10

FAW Toyota bilelikdäki kärhanasy Hytaýda 2024-nji model ýylynyň täzelenen Corolla-syny hödürledi.

Awtomobil üç komplektasiýada elýeterli:

  • 1,5 litrlik atmosfera hereketlendirijisi bilen, baha 16 müň dollardan başlaýar.
  • 1,2 litrlik turbo-hereketlendirijisi bilen, baha 16,9 müň dollardan 17,7 müň dollara çenli.
  • 1,8 litrlik gibrid hereketlendiriji bilen, baha 18,1 müň dollardan 21,4 müň dollara çenli.

Gibrid wersiýa öňki wersiýadan 275 dollar arzan boldy.
2024-nji ýylyň ähli Corolla-sy adaty wariator bilen üpjün edilen. Gibrid güýç gurluşy e-CVT ulanýar.
Awtomobiliň dizaýny üýtgemedi. Onuň ululygy 4635 х 1780 х 1455 mm, teker bazasynyň uzynlygy – 2700 mm, ýük goýulýan ýeriň göwrümi – 427 litr.
Salonda iki sany 10 dýuýmlyk ekran oturdyldy. Corolla 2024 adaptiw kruiz-dolandyryş ýaly sürüjä kömek beriş sistemalarynyň toplumy bilen üpjün edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.