Serdar Berdimuhamedow Antoniu Guterrişi «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglady

06.07.2024, 14:175,874

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň “Oguzkent” myhmanhanasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen geçiren gepleşikleri tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Antoniu Guterrişi  Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglady.

– Biziň Garaşsyz, Bitarap döwletimizde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda beýik şahyryň hormatyna Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi. Men ilkinji bolup, Sizi şu medal bilen sylaglamak kararyna geldim we degişli Karara gol çekdim. Häzir bolsa, şol medaly size gowşurýaryn – diýip, döwlet Baştutany belledi.

Soňra el çarpyşmalaryň astynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe bu sylag gowşuryldy.
Belent mertebeli myhman özüne bildirilen uly hormat üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň beýik oglunyň – Gündogaryň görnüşli şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň pelsepewi garaýyşlarynyň döwrebaplylygynyň ähmiýetini belledi. Pyragynyň öz goşgularynyň üsti bilen agzybirlige, dostluga we ynasanperwerlige çagyrmagy BMG-niň esasy maksatlaryna we wezipelerine doly gabat gelýändigini belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.