Riannanyň Fenty Beauty brendi Pariždäki Olimpiadanyň premium hyzmatdaşy boldy

20.07.2024, 03:293,828

Meşhur aýdymçy Rianna Fenty Beauty brendiniň Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň premium hyzmatdaşy bolandygyny habar berdi.

“Buýsanç bilen Fenty Beauty-nyň Pariždäki Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň premium hyzmatdaşy bolandygyny habar berýärin” – diýip, Rianna sosial ulgamdaky sahypasynda ýazdy.

Fenty Beauty - Rianna tarapyndan 2017-nji ýylda çykarylan amerikan kosmetika brendi. Bu brend deri üçin reňkleriň giň toplumyny hödürleýänligi bilen meşhurdyr. Fenty Beauty kompaniýasy Time žurnaly tarapyndan 2017-nji ýylyň iň gowy oýlap tapyşlarynyň biri diýlip ykrar edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.