Xiaomi oktýabr aýyna uly tanyşdyrylyşyny taýýarlaýar: onda näme görkeziler?

20.08.2024, 13:593,650

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda täze önümleriniň uly tanyşdyrylyşyny geçirmegi meýilleşdirýär.

Insaýderleriň maglumatlaryna görä, çärede anons ediljek esasy önümler şu aşakdakylar bolar:

  • Flagman Xiaomi 15 we Xiaomi 15 Pro: täze Snapdragon 8 Gen 4 çibine, QHD+ durulygy bilen AMOLED LTPO ekranlaryna, 50 Mp üç kamera eýe bolan smartfonlar.
  • Xiaomi MX11: kompaniýanyň Ferrari Purosangue-den ylham alan dizaýn bilen ilkinji sport gibrid krossoweri, Tesla Y we Porsche Cayenne awtomobilleriniň bäsdeşi. Täze awtoulagyň bahasy SU7 sedanyndan ýokary bolup biler. Krossower eýýäm geljek ýyl satuwa çykarylmaly, 2026-njy ýylda bolsa Xiaomi onuň 20 müň dollar töweregi baha bilen geçýän menzili artdyrylan görnüşini çykaryp biler. Biz bu awtomobil barada şu materialda giňişleýin gürrüň berdik.
  • HyperOS 2.0: smartfonlar, telewizorlar, smart-sagatlar we hojalyk tehnikasy üçin operasion ulgamyň täze görnüşi. Smartfonlar üçin wersiýa käbir adaty programmalaryň redizaýnyny, täze howpsuzlyk funksiýalaryny we has tiz interfeýsi hödürlär.
  • Smart Band 9 Pro fitnes-bilezigi.
  • Xiaomi Watch 3 akylly sagatlary.
  • Ýedinji nesil Xiaomi Pad Pro planşetleri.

Tanyşdyrylyş gurluşlaryň giň toplumyny öz içine almak bilen, kompaniýanyň taryhynda iň uly çäreleriň biri bolmaga wada berýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.