2024/2025 möwsüminiň Ýewropa ligasynyň we Konferensiýalar ligasynyň bije çekişikleriniň netijesi belli boldy

31.08.2024, 07:4110,562
1 / 11

2024/2025 möwsüminiň Ýewropa ligasynyň we Konferensiýalar ligasynyň esasy tapgyrlarynyň bije çekişikleri tamamlandy. Umumy jedwel düzüldi we duşuşyklar kesgitlendi.

Iki ýaryşda-da toparlar esasy tapgyrda sekiz oýundan, öýde dört, myhmançylykda dört oýun oýnarlar. Garşydaşlar oýunlaryň oýnaljak tertibinde görkezildi.
Şu möwsümden başlap Ýewropa ligasynda öňki ýaly 32 däl-de, 36 topar oýnar. Şweýsariýa ulgamyna görä, 36 toparyň ählisi bir ýaryş jedwelinde ýerleşer. Bu jedwelde 1 – 8-nji orunlary eýelän toparlar 1/8 finala çykýar, 9 – 24-nji orunlary eýelän toparlar bolsa pleý-offuň geçiş oýunlaryny oýnarlar.
2024/2025 möwsüminiň UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň finaly 2025-nji ýylyň 21-nji maýynda Bilbaodaky “San-Mames” stadionynda geçiriler.

 

 

Konferensiýalar ligasynda her topar dürli garşydaş bilen 6 duşuşyk (3 öýde we 3 myhmançylykda) geçirer. Esasy tapgyryň iň gowy 8 kluby göni 1/8 finala çykar, 9 – 24-nji orunlary eýelän toparlar pleý-offa çykmak üçin geçiş oýunlaryny oýnarlar.
Final Wroslaw şäherindäki “Wroslaw” stadionynda geçiriler.

 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.