“Real” “Santýago Bernabeu” stadionynda konsertleriň geçirilmegini mejbury togtadýar

16.09.2024, 06:1711,238

Madridiň “Realynyň” öý meýdançasy bolan “Santýago Bernabeu” stadionynda 2025-nji ýylyň mart aýyna çenli konsert geçirmek gadagan edildi. Bu barada Marca ispan neşiri habar berýär.

Durky täzelenenden soň stadion diňe bir “Realyň” oýunlary üçin däl-de, eýsem dürli dünýä belli ýyldyzlaryň konsertlerini geçirmek üçin hem ulanylyp başlandy.
Bu hem paýtagtyň ýaşaýjylarynyň nägileligine getirdi. Olaryň konsert sebäpli artykmaç galmagal babatda köp sanly arz-şikaýatlary netijesinde çäreleri geçirmegi taraplary kanagatlandyrýan çözgüt tapylýança bes etmek kararyna gelindi.
Iýul aýynda çäräniň ýerli wagt bilen 23:00-a çenli tamamlanmagyny görkezýän ylalaşyk mälim edildi. Bu çözgüt sebäpli eýýäm dört konsert ýatyryldy.

  • Music Bank (K-POP) – 12-nji oktýabr
  • Dellafuente – 15-nji noýabr
  • Aitana – 28-nji we 29-njy dekabr
  • Lola Indigo – 22-nji mart.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.