Türkmenistanyň Prezidenti eksport-import harytlarynyň nyrhlaryna gözegçilik etmegi tabşyrdy

20.09.2024, 18:539,673

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer B.Atdaýewe eksport edilýän we import edilýän harytlaryň nyrhlaryna gözegçilik etmek bilen bagly degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek we eksport-import harytlarynyň dünýä bazarlaryndaky  bahalaryny seljermegiň halkara maglumat ulgamlaryny ulanmak arkaly häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, birža söwdasyny guramak boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.