“Lion” bergileri sebäpli Liga 1-den çykaryldy. Kluba aşak düşmek howpy abanýar

17.11.2024, 13:147,925

Fransiýanyň “Lion” futbol kluby çözülmedik maliýe kynçylyklary sebäpli Ligue 1-den çykaryldy. Mundan başga-da, kluba ýagdaý düzelýänçä transfer amallaryny amala aşyrmak gadagan edildi.

Žurnalist Fabrizio Romano tarapyndan X sosial ulgamynda çap edilen maglumata görä, “Lion” maliýe meselelerini çözmeli we pese düşmezlik üçin bergilerini tölemeli. Ýogsam, oýnuň netijelerine garamazdan, topar Fransiýanyň elita diwizionynden çykar.
Häzirki möwsümiň 11 tapgyryndan soň, “Lion” 18 utuk bilen bäşinji orunda barýar.
“Lion” fransuz futbolynyň taryhynda iň meşhurlardan biri, çempionatda 7 ýeňiş, Fransiýanyň kubogynda bäş we ýurduň Super kubogynda sekiz ýeňiş gazandy. Klub soňky gezek 2008-nji ýylda ýurduň çempiony diýen ady alypdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.