Türkmenistanda talyplaryň arasynda innowasion sport hepdeligi we sanly sport ýaryşlary başlandy

04.12.2024, 09:194,690

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda innowasion sport hepdeligine badalga berildi. Ýaryşlar institutyň Sportuň olimpiýa  görnüşleri fakultetiniň köpugurly sport toplumynda geçirilýär.

Sanly sport ýaryşlary Türkmenistanyň Milli talyplar we elektron sport federasiýalarynyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde guramagynda geçirilýär. Bu ýaryşlar sportuň hereketli we sanly, şeýle hem elektron sporty görnüşlerini öz içine alýar.
Ýaryşlaryň netijeleri boýunça 2025-nji ýylda Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Geljegiň oýunlary” atly halkara ýaryşynyň saýlama tapgyrlarynda çykyş etjek zehinli türgenler ýüze çykarylar diýip, institutyň saýtynda habar berilýär.
Kibersport bilen adaty sport görnüşlerini birleşdirýän “Geljegiň oýunlary” atly ilkinji halkara ýaryşlary 2024-nji ýylda Russiýa Federasiýasynda geçirilipdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.