Türkmen wekiliýeti Wenada Arkadag şäherine baýrak gowşurylyş dabarasyna gatnaşar

07.12.2024, 12:265,322

Türkmen wekiliýeti Arkadag şäherine Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragynyň gowşurylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde gulluk iş saparynda bolar. Bu barada degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2024-nji ýylyň 8 — 10-njy dekabry aralygynda saparda bolar.
Öň TmCars Arkadag şäheriniň bu abraýly baýraga mynasyp bolandygy barada habar beripdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.