Türkmen we malaý ýokary okuw mekdepleri 6 sany Ähtnama gol çekişdiler

19.12.2024, 11:209,189

18-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäginde Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary malaýziýaly kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler.

Gepleşikleriň jemleri boýunça ylym-bilim ugurly hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam berjek möhüm resminamalaryň 6-syna gol çekildi diýip, "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.
Hususan-da,

  • Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Malaýa uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Malaýziýanyň Tenaga uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Malaýziýanyň Tenaga uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama

Bu resminamalar esasynda geljekde iki ýurduň bilim ojaklarynyň arasynda göni gatnaşyklar ýola goýlup, bilelikdäki taslamalar durmuşa geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.