Türkmenistanda 2025-nji ýylda çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi

04.01.2025, 09:084,057

2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Şeýle hem bu toparyň düzümi tassyklanyldy. Degişli Permana Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistanyň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşlary bolan dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen bilelikde ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän möhüm halkara forumlary, maslahatlary, duşuşyklary, beýleki dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek maksady bilen kabul edildi.
Belläp geçsek, 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasy biragyzdan kabul edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.